Türkmen Lideri dikuçarda Aşgabatdaky iri gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

  • 21.05.2021 15:32
  • 16k+

20-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmen Lideri Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady. Bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyny synlady.
Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelgesi bina edilýär.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen dowam edýän “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek bu toplumda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, onuň töwereklerinde döredilýän seýilgäh zolaklaryny, bina edilen desgalaryň özboluşly sazlaşygyny synlady.

şu gün 17:11
641

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

şu gün 15:54
1.8k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

şu gün 15:06
714

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....

şu gün 14:47
745

Lihtenşteýniň «Howsalaly gyzy» 30 ýyldan soň täzeden köpe çykarylýar

Geljek aý Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie's» auksionynda Roý Lihtenşteýniň meşhur «Howsalaly gyz» («Тревожная девушка») atly eseri satuwa çykarylar we onuň bahasynyň 60 million dollara çenli ýetmegine......