25-nji maýda Aşgabatda şäheriçi awtobuslary mugt hyzmat eder

  • 21.05.2021 13:05
  • 25k+

25-nji maýda Aşgabat şäherinde täze awtobuslar hereket edip başlar we şol gün şäheriçi awtobus ugurlarynda tölegsiz hyzmat ediler.

"Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna gelip gowşan 400 sany “Hyundai ALL New Super Aero City” kysymly döwrebap awtobuslary 2021-nji ýylyň 25-nji maýyndan ulanyşa goýberiler. Şol gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna şäheriçi awtobus ugurlarynda tölegsiz hyzmat ediler" diýip, agentligiň saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol gün şeýle hem “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “TOYOTA COROLLA” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary ulanyşa goýberiler.

Habarlaşmak üçin: 44-33-90, 44-33-91

şu gün 14:49
46

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
118

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......