Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň mejlisi geçirildi

  • 20.05.2021 20:47
  • 7.7k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi.

Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy, Aşgabadyň baý taryhy barada gysgaça gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi barada aýratyn nygtady, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar barada aýdyp berdi.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärede Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäheriniň häkiminiň orunbasary S.Sidigi, Baku şäheriniň häkimi E.Aziz ogly Azizow, HHR-iň Lanjou şäheriniň häkimliginiň Halk hökümetiniň Baş sekretary Zh.Çenghu, Daşkent şäheriniň häkimi J.Artykhojaýew, Nur-Sultan şäheriniň häkiminiň orunbasary E.Kizatow, RF-niň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar baradaky agentliginiň başlygynyň w.ý.ý. A. Aýdin, Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara aragatnaşyklar boýunça departamentynyň başlygynyň orunbasary O.Şutenko çykyş etdiler.
Mejlise gatnaşyjylar ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi T.Kelleriň, Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi S.Ýamamotonyň, Ankara şäheriniň häkimi M.Ýawaşyň, Bişkek şäheriniň häkiminiň orunbasary W.Mozgaçýowanyň wideoýüzlenmesini hem diňlediler.
Mundan başga-da çärä Kişinýow, Pekin, Stambul, Wena, Ýerewan şäherleriniň häkimleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň ýeten sepgitleri hakynda wideorolige tomaşa etdiler.

şu gün 14:49
506

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
437

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......