25-nji maýda Aşgabatda 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berler

  • 20.05.2021 12:14
  • 35k+

25-nji maýda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň 140-syny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

düýn 23:23
659

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....