Tbilisiniň telewizion diňi türkmen baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi

  • 18.05.2021 21:31
  • 25k+

18-nji maýda giňden bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dostlukly gruzin halky özboluşly sowgat bilen gutlady — Gruziýanyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýan Tbilisiniň telewizion diňi türkmen baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi. 274,5 metr belentlikdäki dag gerşinde şöhlelenen Döwlet tugumyzyň şekili ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň nyşany bolup, şäheriň gözel künjeginden halkymyzyň ýüreginiň ýylysyny ýaýdy.

Mälim bolşy ýaly, Tbilisiniň telewizion diňi paýtagta tebigy gözellik berýän Mtasminda dagynda, onuň bilen adybir seýilgähiň çäginde ýerleşýär. Deňiz derejesinden 719,2 metr beýiklikde gurlan bu telediňden tutuş şäher eliň aýasynda ýaly görünýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň nyşany hem-de türkmen halkyna çuňňur hormat hökmünde Tbilisiniň telewizion diňi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly seneleri mynasybetli, geçen ýyllarda hem al-ýaşyl reňkde şöhle saçypdy. Ol Tbilisi şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň tagallasy bilen döwletlilik baýramymyzyň şanyna 19-njy maýda hem türkmen baýdagynyň reňklerinde öwşün atar.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......