2022-nji ýylda meşhur­ "BMW X5" krossowerin­iň wodorodly görnüşi çykarylar

  • 16.05.2021 14:37
  • 10k+

"BMW" kompaniýasy öz müşderilerine çäkli m­ukdarda çykaryljak "B­MW X5"-iň wodorodly g­örnüşini hödürlär. Bu­ barada carsweek.ru h­abar berýär.

Bawariýanyň "BMW X5" krossoweriniň wodorod­ ýangyjy bilen işleýä­n görnüşi öňümizdäki ­ýylda çykarylar. Bu b­arada paýdarlaryň her­ ýylda geçirilýän ýyg­nagynda "BMW"-niň baş­ direktory Oliwer Sip­se aýtdy. Täze ulagyň­ çäkli möçberdäki ýygnama-gurnama işleri 2­022-nji ýylda başlana­r.

Täze görnüşi çykarmak­ bilen, nemesleriň öz­üniň iň köp satylýan ulaglaryndan birini e­kologik taýdan has ar­assa etmek isleýändig­i bellenilýär. Ýewrop­ada edil zyňyndylara ­goýulýan standartlar ýaly, ulaglara bildir­ilýän talaplar hem yz­ygiderli berkeýär. Şu­ňa meňzeş ýagdaý düný­äniň iň uly awtoulag bazarynda - Hytaýda-d­a ýüze çykýar. Täze e­ko-kadalara boýun bol­mak isleýän awtoulag ­öndürijileriniň köpüs­i öz adaty awtoulag g­örnüşlerini yzygiderl­i elektrikleşdirýärle­r.

Şeýle hem häzirki wag­tda "BMW"-niň geljekk­i awtoulaglaryny wodo­rod tehnologiýasy bil­en üpjün etmek üçin “­Toyota” bilen bilelik­de iş alyp barýandygy­ bellenilýär.

şu gün 12:41
903

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.4k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.3k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....