Tomus möwsüminde «Awazada» ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açylar

  • 15.05.2021 14:30
  • 22k+

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow agentligiň işini döwrebap derejede alyp barmak, tomusky dynç alşa taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, onuň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem döwlet Baştutany ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......