Türkmen döwlet medeniýet institutynda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 15.05.2021 14:18
  • 7.7k+

Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Wideoaragatnaşyk boýunça olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller goşuldy. Olaryň ylmy we döredijilik gyzyklanmalary Gündogaryň orta asyr eýýamy bilen baglydyr.
Alymlar Beýik Seljuklar döwrüniň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti, edebiýaty barada gyzykly arheologik maglumatlar we golýazmalar bilen tanyşdyrdylar.
Käbir çykyşlar Soltan Sanjaryň döwründe Merkezi Aziýada bolan medeni durmuşyň aýratynlyklaryna, Seljuk hökümdarlarynyň dünýä medeniýetine we dünýä taryhynyň ösüşine goşan goşantlaryna bagyşlandy.
Käbir çykyşlarda Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleri, onuň Bagdatdaky Abbasidler halyflygy, şeýle hem Anuş-Tegin we beýlekiler bilen gatnaşyklary açylyp görkezildi.

şu gün 00:11
1.9k+

Krafton kompaniýasy ata-ene bolan işgärlerine 66 müň dollar töleýär

Meşhur PUBG oýnunyň neşirçisi hökmünde tanalýan Günorta Koreýanyň Krafton kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda işgärleriniň maşgalasynda 46 çaganyň dünýä inendigini habar berdi. Bu......

düýn 23:28
1.4k+

NPJ: Plastik çäýnekler mikroplastikleriň bedene düşmegine sebäp bolýar

Awstraliýaly alymlar plastik çaýnekleriň suw gaýnadylanda millionlarça mikro we nanobölejikleri bölüp çykaryp biljekdigini anykladylar....

düýn 23:15
1.8k+

Baffet we Stefen Karri bilen agşamlyk nahary auksionda 9 million dollara satyldy

Meşhur maýadar Worren Baffet we basketbolçy Stefen Karri bilen bilelikde agşamlyk edinmek mümkinçiligi haýyr-sahawat auksionynda 9 million dollara satyldy. Söwdalaşyk eBay platformasynda geçirildi, ýöne......

düýn 23:09
1k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....