Aşgabatda 24-25-nji maýda köpugurly sergi we dizaýnerleriň bäsleşigi geçiriler

  • 15.05.2021 12:13
  • 10k+

24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly sergini hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

«Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda» meýilnama laýyklykda, geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozal hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ylalaşykly işler alnyp barylýar.

şu gün 14:49
46

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
118

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......