Türkmenistanda öň girizilen käbir çäklendirmeler aýrylýar — Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 15.05.2021 11:45
  • 59k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öň girizilen käbir çäklendirmeleriň aýrylýandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyz bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümeti bu howply ýokanja garşy göreşe aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Bu ýokanjyň ählumumy häsiýeti hem-de dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsiri göz öňünde tutulyp, Keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Toparyň mejlisleri her hepdede 2 gezek geçirilýär. Bu mejlislerde möhüm çözgütler kabul edilip, ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi.
Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde ähli saglygy goraýyş edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag we zyýansyzlandyryjy serişdeler, test-ulgamlar bilen doly üpjün edildi diýip, Prezident nygtady we Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş hem-de oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden ybarat toparlaryň gije-gündiz nobatçylygynyň guralandygyny belledi.
Ýurdumyza daşyndan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatda bu ugurdan zerur maglumatlar berilýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi we şu ýyl öňüni alyş çärelerini üpjün etmegiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek işleriniň guralandygyny nygtady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlaryň dynç alşyny guramak maksady bilen, giň gerimli çäreleri we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň tertibi işlenip taýýarlandy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Öz wagtynda görlen çäreler we ýurdumyzyň halkynyň geçiren ägirt uly işleri netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagyna hem-de ýaýramagyna ýol berilmändigini aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şundan ugur alyp, biz şu gün öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak barada karara gelýäris diýip, Prezident nygtady we birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......