Holliwudda koronawirus pandemiýasynyň başlanyşy barada film düşüriler

  • 14.05.2021 19:04
  • 9.3k+

Holliwudda koronawirus pandemiýasynyň başlanyşy barada film düşürmek meýilleşdirilýär. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Filme Fil Lord bilen Kris Milleriň režissýorlyk etmegine garaşylýar. Bu jübüt "Maço we Botan" (Jump Street) filmi bilen giňden tanalýar. Şeýle hem olar "Lego.Film" multfilmine jogapkärdirler.
Ýakynda düşüriljek film ýazyjy Maýkl Lewisiň “Öňünden duýuş: pandemiýanyň taryhy” atly kitabyň ekranlaşdyrylmasy bolar. Neşiriň ABŞ-da çap edilenine heniz köp wagt geçmedi. Romanda dünýäniň koronawirus howpunyň bardygyny öwrenen ilkinji günleri barada beýan edilýär, bu barada adamzada öňünden duýdurmaga synanyşan adamlar hakda gürrüň berilýär. Şeýle-de bolsa, filmde baş gahrymanlar köpçüligiň hem-de syýasatçylaryň düşünişmezligine duçar bolýarlar.
Režissýorlar Lord bilen Milleriň taslamanyň prodýuserligini hem öz üstlerine aljakdygy aýdylýar. Olara Emi Paskal kömek eder.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......