ABŞ-da kofesiz kofe oýlanyp tapyldy

  • 14.05.2021 20:35
  • 11k+

Internetde «Atomo» amerikan startapynyň täze oýlap tapyşy barada maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa gaýtadan işlenen ingrediýentlerden taýýarlanylýan kofesiz kofeni oýlap tapdy. Bu barada msn.com habar berdi.

Gaýtadan işlenen ingrediýentlere günebakar we garpyz çigitleriniň gabygy mysal bolup biler. Çigitleriň gabygy patentleşdirilen himiki prosese sezewar bolýar diýip, Bloomberg ýazýar. Himiki prosesiň netijesinde bolsa, emele gelýän çökündide kofä çalym edýän tagam peýda bolýar. Içgi adaty kofe ýaly demlenýär we onuň hem düzüminde kofein bar.
Ýeri gelende, “Atomo”-nyň örän uly startapdygyny bellemelidiris. Ol 2019-njy ýyldan bäri bu oýlap tapyşyň iki tapgyryna 11,5 million dollar töweregi maýa goýum çekdi. Maýadarlar hökmünde Gonkongyň Horizons Ventures (öň "Impossible Foods"-a maýa goýupdy) we S2G Ventures (Beyond Meat maýa goýuldy) kompaniýalary çykyş etdiler.
Täze oýlanyp tapylan kofesiz kofäni geljekde öňdebaryjy kofehanalara çykarmak meýilleşdirilýär diýip, çeşme belleýär.

şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
873

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
809

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......