Türkmenistanda halkara nebitgaz maýa goýum forumy geçirildi

  • 13.05.2021 16:23
  • 6.8k+

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.

Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy.
Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy.
Çykyşlarda СOVID-19 pandemiýasyndan soň, dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň hem-de adamzada çynlakaý wehime öwrülen dünýä derejesinde howanyň maýlamagyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa ösüşe geçmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Çykyş edenleriň arasynda daşary ýurtlulardan — SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rownag Abdullaýew, HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen, Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň söwda ilçisi baronessa Nikolsan Uinterbornskaýa bar.
BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş geňeşiniň Aziýa we Ýuwaş ummany (ESKATO) boýunça ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana we Halkara Energetika forumynyň Baş Sekretary Jozef MakMonigl wideoýüzlenmelerini iberdiler.

15.11.2025 09:34
6.7k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.2k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

25.10.2025 14:25
5.2k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...

23.10.2025 12:23
1.8k+

OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady...