Alymlar dronlaryň kömegi bilen ýagyş ýagdyrmagyň usulyny tapdylar

  • 10.05.2021 20:10
  • 19k+

Iňlis alymlary uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen ýagyş ýagdyrmagyň usulyny oýlap tapdylar. Täze tehnologiýa Bata uniwersitetiniň alymlaryna degişli diýip tdnu.ru habar berdi.

Täze tehnologiýa uzak wagtlap ygal ýetmezçiligi meselesinde gowy çözgüt bolar. Oýlap tapyş aýratyn-da gurak sebitler üçin gymmatlydyr, sebäbi käwagt bu ýerlerde birnäçe aýlap asmandan sähelçe-de nem dammaýar.
Oýlap tapyş BAE-de synagdan geçirildi. Onuň çäginde çöllük sebitde uçarmansyz uçarlar göni bulutlara tarap uçuryldy we şol ýerde ýyldyrymyň çakmagy gazanyldy. Deňagramlylygyň bozulmagy ygalyň tebigy ýüze çykmagyna sebäp boldy. Aslynda, arap çölünde ýylda ýüz millilitrden köp ygal ýagmaýar. Indi bolsa islendik sebitde bu görkezijä emeli täsir edip bolar.
Synaglar BAE-niň maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Munda uçarmansyz uçýan enjamlara oturdylan ýörite datçiklerden we gurallardan peýdalanylýar.

şu gün 10:55
590

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

şu gün 08:39
523

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

düýn 10:51
919

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.5k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....