Aşgabatda 10-25-nji maý aralygynda awtoulaglaryň hereketi togtadylar

  • 10.05.2021 09:17
  • 63k+

Ekologik abadançylyga ýardam bermek maksady bilen, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda awtoulagsyz günler yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy günlerinde paýtagt şäherde hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müň­lerçesi jemlenýär. Sürüjiler çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaklaryny togtadýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.
Ekologik abadançylyk baradaky alada türkmen Lideriniň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm “ýaşyl” zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar, howanyň hilini gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......