Türkmenistanda Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna dabaralar geçirildi

  • 10.05.2021 12:42
  • 18k+

Türkmenistanda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlar, şöhratly ata-babalarymyzyň — frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem gatnaşdylar.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.
Biz şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanyň ogul-gyzlaryny, urşa gidenleriň yzynda galan naçar maşgalalary, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny pida edenleri ýatladyk diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ine, şu gün biz Oraza aýynda agzaçar sadakasyna gatnaşýarys. “Ölüsini sylan beg bolar” diýipdirler. Biz hem mukaddes däp-dessurlarymyza eýerip, ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edýäris diýip, türkmen Lideri belledi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.
9-njy maýda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bu senäniň — Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň hormatyna gül goýmak çäreleri geçirildi, däbe öwrülen agzaçar sadakalary berildi. 

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......