Türkmenistandan Hindistana ynsanperwer kömegi iberiler

  • 09.05.2021 16:01
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýandygyny göz öňünde tutup, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklaryndan hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki mukaddes Oraza aýynda bu dostlukly ýurda ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, ynsanpewer kömek hökmünde ugradyljak önümleriň sanawyny kesgitlemek, şol önümleriň iberilmegini hem-de hyzmatdaş dostlukly ýurduň halkyna guramaçylykly gowşurmagy üpjün etmek tabşyryldy.

şu gün 00:10
1.4k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...

şu gün 00:02
641

Türkmenistanda Nowruz baýramy giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerine üns berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

şu gün 00:01
592

Türkmenistanyň Prezidenti Belgradda geçiriljek «EKSPO – 2027» sergisine gatnaşmak baradaky teklipleri makullady

Türkmenistan Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N...

düýn 23:39
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow awçylyk pudagynda ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Hökümetinde awçylyk we awçylyk serişdelerini goramak ulgamynda gözegçiligi amala aşyrýan döwlet inspektorlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar...