Beýik Britaniýa karantin zerurlygy bolmazdan 12 ýurda gitmäge rugsat berer

  • 09.05.2021 15:41
  • 10k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti halkara syýahatyna bolan çäklendirmeleri kem-kemden aýryp başlar. Bu barada Sky News teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Ulag ministri Grant Şappsyň aýtmagyna görä, hökümet ýurtlary “ýaşyl”, “sary” we “gyzyl” toparlara böljek üç derejeli ulgamy girizer. 
Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary 17-nji maýdan başlap, “ýaşyl” sanawa girýän 12 ýurda baryp bilerler. Hususan-da, Portugaliýa, Ysraýyla we Gibraltara. Şeýle-de, sanawda Azor adalary we Madeýra, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Singapur, Bruneý, Islandiýa, Farer adalary (Daniýa), Folklend adalary bar. Gresiýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlara syýahat heniz elýeterli bolmaz diýip, ministr belledi.
“Ýaşyl” ýurtlardan gelenlerinden soň, raýatlara karantin geçmek hökmany bolmaz, diňe koronawirus üçin barlagyň otrisatel netijesini bermek ýeterlik bolar. “Sary” sanawdaky ýurtlardan Beýik Britaniýa gelnende, 10 gün izolýasiýada bolmaly we barlag tabşyrmaly bolar. “Gyzyl” sanawdaky ýurtlardan gaýdyp gelenler öz hasabyna howa menzilindäki myhmanhanada 14 gün karantinde bolmaly bolarlar. Bu sanawda Türkiýe, Maldiwa, Braziliýa, Nepal we BAE hem bar.

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......