“Gremmi” baýragynyň gowşurylyş düzgüni 2022-nji ýyldan üýtgär

  • 06.05.2021 19:34
  • 4.4k+

ABŞ-nyň Milli ses ýazgysy sungaty we ylymlary akademiýasy (NARAS) 2022-nji ýyldan dalaşgärleri saýlamak we “Gremmi” baýragyny gowşurmak düzgünlerini üýtgeder. Bu barada akademiýanyň saýtyna salgylanyp, Regnum habarlar agentligi habar berilýär.

Baýragyň gowşurylyş tertibindäki esasy üýtgeşme dalaşgärleri saýlan komitetlerden ýüz öwürmek bolar. Bu komitetler aýdym-saz pudagynyň 30-a golaý wekilinden ybarat bolup, olar dürli kategoriýalarda baýraga dalaşgärleri saýladylar.
Şol bir wagtyň özünde bu komitetleriň agzalarynyň atlary mälim edilmeýärdi. Bu ulgam 1989-njy ýyldan bäri hereket edýär. 2022-nji ýyldan başlap, nominasiýalaryň köpüsinde baýraga dalaşgärleri saýlamak akademiýanyň ähli agzalarynyň ses bermegi esasynda geçiriler.
Mundan başga-da, akademiýa iki sany täze baýrak kategoriýasyny girizer: “Iň gowy global aýdym-saz çykyşy” we “Iň gowy Musica Urbana albomy”. Şeýle-de, “Gremmi” guramaçylary akademiýanyň 90%-den gowrak agzasynyň arasynda gaýtadan hünär synagyny geçirer. Şeýle etmek bilen, akademiýa ses berijileriň “aýdym-saz we aýdym-saz durmuşyny döretmäge işjeň gatnaşýandygyna” göz ýetirer.
Şu ýyl “Gremmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýynyň ortalarynda Los-Anjelesde geçirildi. Çäräniň ýaýlymyna 8,8 mln adam tomaşa etdi.

şu gün 14:49
506

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
437

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......