Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbi tutuldy

  • 06.05.2021 13:24
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy. Çäre Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birinde geçirildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Türkmen Lideri toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekip, ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady. 
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Türkmen Lideri okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi.Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary döwlet Baştutanyna ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, beýi, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......