ÝUNESKO Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça Aşgabadyň dalaşgärligini kabul etdi

  • 05.05.2021 15:41
  • 16k+

ÝUNESKO-nyň Sekretariýaty Aşgabat şäherini esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenýän döwründe «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek babatda paýtagtymyzyň dalaşgärligi resmi taýdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pariždäki diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

Dalaşgärlik ýüztutmasy garaşsyz hünärmenler tarapyndan ýakyn birnäçe aýyň içinde gözden geçiriler we bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Baş müdiri tarapyndan yglan ediler.
ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri tory, medeniýete we jemgyýetiň goşulyşmagyna maýa goýmak isleýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda 246 şäheri öz içine alýar.
Tor öz işini ýedi ugur boýunça ösdürýär: «Hünär we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Mediýa sungaty» we «Saz».

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......