Aşgabadyň gününde paýtagtymyz dürli öwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezeler

  • 05.05.2021 15:22
  • 25k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň gününde paýtagtymyz häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köp öwüşginli bezegler bilen bezeler. Wise-premýer Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow degişli bezeg eskizlerini döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlediler.

Aýry-aýry binalaryň ýüzüne lazer enjamlarynyň kömegi bilen «Ak şäherim — Aşgabat» ýadygärliginiň şekili, şeýle hem dürli gutlaglar şekillendiriler.
Baýramçylyk bezeg öwüşginleri «Oguzkent» myhmanhanasynyň, Erkin döredijilik mekanynyň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, şeýle hem Arçabil şaýolunyň ugrundaky birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň binalaryny öz içine alar.

Binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlary guralar, şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişleri geçiriler.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçiriler, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençleri guralar.

şu gün 14:49
506

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
437

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......