Dubaýda awtomobil belgisi 10 million dollardan gowrak baha satyldy

  • 05.05.2021 14:19
  • 18k+

Dubaýda awtomobil belgisiniň bahasy boýunça täze dünýä rekordy goýuldy. Ol ýerde geçirilen haýyr-sahawat auksionynda iki harpdan we bir sandan ybarat bolan bu ýurduň hasaba alyş belgisi 10 mln 345 müň dollara satyldy. Bu barada mk.ru habar berýär. Alyjynyň ady heniz yglan edilenok. Auksionyň “gizlin” gatnaşyjysy awtoulagyna AA9 belgisini dakyp biler.

Satmak üçin jemi dört belgi çykaryldy. Söwdadan jemi 13,2 mln dollar gazanyldy. Auksiona gatnaşanlaryň arasynda BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary Muhammed ben Raşid Al Maktum hem bardy. Satuwdan gazanylan girdeji garyplara nahar paýlamak boýunça kampaniýa gönükdiriler.
Belgi bahasy boýunça ozalky rekord hem Birleşen Arap Emirliklerinde goýlupdy. 2016-njy ýylda D5 döwlet belgisi auksionda 9 mln dollara satyldy.
Musulmanlar üçin mukaddes Remezan aýy başlamazyndan öň, Dubaý mätäçlere 100 mln paý nahar bermek barada yglan etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin serişdeleriň bir bölegi dürli haýyr-sahawat auksionlarynda ýygnalar.

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
116

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......