Türkiýede Dünýäniň türk işewürleriniň assosiasiýasy döredildi

  • 05.05.2021 00:18
  • 18k+

Türkiýäniň Ankara şäherinde Dünýäniň türk işewürleriniň assosiasiýasy (DTÜRK) döredildi. Trend habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu gurama işewür Genjehan Tunaý ýolbaşçylyk eder.

Maglumatlara görä, assosiasiýany döretmegiň maksady 350 mln-lyk türki dünýäsini bir merkeze jemlemek we hyzmatdaşlygy ösdürmek ýoly bilen ony özüni çekiji täze merkeze we ykdysady baza öwürmekden ybarat.
DTÜRK häzirki zaman ählumumy adamzat gymmatlyklarynyň çäginde Türkiýäniň, türki dünýäsiniň we beýleki ýurtlaryň işewürleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.
Dünýäniň türk işewürleriniň assosiasiýasynyň prezidenti guramanyň esasy maksatlaryny we wezipelerini şeýle häsiýetlendirýär:
- türki dilli ýurtlaryň we olar bilen baglanyşykly jemgyýetleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy birleşdirmek we ösdürmek, türki dünýäsiniň taryhy we medeni tejribesini peýdalanmak bilen hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek;
- häzirki zaman umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak bilen, aýratynam, türki dünýäsinde we beýleki ýurtlarda türk işewürleri bilen hyzmatdaşlyk raýdaşlygyny ösdürmek.

“Biz ýurdumyzyň ykdysady we sosial ösüşinde sebitleýin we pudaklaýyn mümkinçilikleri ulanyp hem-de tehnologiýa we innowasiýa üçin mümkinçiliklere baha berip, milli ykdysady syýasatyň emele gelmegine we sebitiň durnukly ösüşine goşant goşmaga çalyşýarys” – diýip, Genjehan Tunaý belledi.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......