Türkmenistan 4 aýda RF-niň üsti bilen 641 müň tonna nebit eksport etdi

  • 04.05.2021 09:31
  • 7.9k+

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Russiýanyň üsti bilen daşarky bazarlara çig mal ugradýan nebiti eksport ediji döwletleriň arasynda ikinji ornuny saklap galdy. Bu barada Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfaks agentligi habar berýär.

Maglumatlara laýyklykda, türkmen üstaşyr nebit eksporty 4 aýda 641,3 müň tonna (aprelde - 160,59 müň tonna) barabar boldy. Bu görkeziji babatda Gazagystan birinji orunda durýar — 4,62 mln tonna (aprelde - 1,17 mln tonna). Türkmenistandan soň Belarus - 559,3 müň tonna (141 müň tonna) we Azerbaýjan - 253,76 müň tonna (84,31 müň tonna) gelýär.
Interfaks agentliginiň bellemegine görä, rus nebitiniň uzak daşarky bazarlara eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 66,65 mln tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 20,5% aşakdyr. Şol bir wagtda rus nebit nebit kompaniýalary bu döwürde ýakyndaky ýurtlara nebit ibermelerini 95,7% artdyryp - 4,92 mln tonna ýetirdiler.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......