Aşgabatda "Parahat-Gurtly" aralygynda täze awtobus gatnawy açylýar

  • 03.05.2021 10:50
  • 23k+

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 44-nji “Parahat – Gurtly”      awtobus ugrunyň açylýandygyny habar berýär.

Agentligiň saýtyndaky habara görä, 44-nji  “Parahat – Gurtly” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – Aba Annaýew – Magtymguly şaýoly – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi bilen “Gurtly” belleniş nokadyna barýar we yzyna Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje – Taslama köçe – Magtymgyly şaýoly – Aba Annaýew – Görogly köçe – A. Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......