Türkmen Lideri özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň importyny azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy

  • 01.05.2021 16:48
  • 19k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, azyk harytlarynyň özümizde öndürilişini artdyrmagyň dowam etdirilmelidigini, içerki bazarlarymyzyň azyk önümleri hem-de, ilkinji nobatda, zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. Kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek berilmelidir diýip, döwlet Baştutany munuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly bar bolan iş ýerlerini saklap galmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutany ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ähli ýerde elektron söwda we alyjylara harytlary eltip bermek işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Öwezowa birnäçe tabşyryklary berdi.

düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.7k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....