Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan bilen Russiýanyň özara haryt dolanyşygy $1,3 mlrd-dan geçdi

  • 30.04.2021 19:29
  • 40k+

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylda 1,374 mlrd amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde RF-niň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşygynyň barşynda belledi diýip, government.ru saýty belläp geçýär.

Mihail Mişustin koronawirus çäklendirmeleriniň ýaramaz täsirine garamazdan, bu görkezijiniň soňky bäş ýylda rekord görkezijidigini belledi. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 40% ýokarlandy.
RF-niň hökümet ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Russiýa Türkmenistan bilen özar gatnaşyklaryna täze itergi bermek, dürli ulgamlardaky bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary gaýtadan işe girizmek isleýär.

Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň Russiýa bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine umyt bildirdi.
Söhbetdeşler şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar.
Wise-premýer S.Berdimuhamedow Türkmenistanda rus dilini okatmaklyga uly üns berilýändigini, pandemiýa çenli bolsa, Russiýada 36 müň türkmen talybynyň bilim alýandygyny ýatlatdy.

Kazana saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplaryň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň 107 mln dollara ýetendigi bellenildi diýip, kazanfirst.ru saýty belläp geçýär. Nebitgaz, awtomobil gurluşygy, gämi gurluşygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

şu gün 03:40
53

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» makullady

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi...

şu gün 03:26
98

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy...

şu gün 03:22
47

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollara bardy

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollar görkezijiden geçip, geçen ýylyň dekabr aýynda başlanan çalt ösüşini dowam etdirdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. 23-nji ýanwarda geçirilen söwdalaryň barşynda kümşüň bahasy 4,74% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 101,11 dollara ýetdi...

şu gün 03:18
79

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi...