Netflix 2021-nji ýylda 13 sany täze film çykarjakdygyny mälim etdi

  • 30.04.2021 15:40
  • 5.5k+

The Moscow Post informasion portalynyň habar bermegine görä, Netflix striming hyzmaty şu tomus tomaşa edip boljak 13 sany täze filmiň çykjakdygyny anons etdi. Bu barada sm.news habar berýär.

2-nji iýunda “Karnawal” kinokartinasynyň, 9-njy iýunda “Ukusyzlar” (“Неспящие”) ylmy-fantastiki trilleriniň, “Arzuwlar aždarhasy” (“Дракон желаний”) multfilminiň premýerasy bolar. 11-nji iýunda “Çöl delfini” (“Дельфин пустыни”) dramasynyň premýerasy geçiriler, 18-nji iýunda bolsa iki film – “Jagame Thandiram” we “Atalyk” görkeziler. 23-nji iýunda “Kagyz ýüzünde ähli zat gowy görünýär” (“На бумаге все выглядит хорошо”) filmi bilen tanyşmak bolar.
Mundan başga-da, tomsuň ahyryna çenli tomaşaçylar şeýle filmleri görüp bilerler: 25-nji iýunda baş keşbi Liam Nisonyň janlandyrmagynda “Buzly ýol” (“Ледяная дорога”) trilleri, 30-njy iýunda baş keşpde Çenning Tatumyň bolmagy bilen “Amerika: Kinofilm” komediýasy. 29-njy iýulda “Söýgüden gaçyp bilmersiň” (“От любви не убежишь”) romantik komediýasy, 30-njy iýulda Žan Klod Wan Damm bilen uruşly “Iň soňky hakyna tutma” (“Последний наемник”) filmi görkeziler.
Tomsuň soňky aýyna “Körpe” ("Малышка", 20-nji awgust) trilleriniň we “Bularyň hemmesi ol” ("Это все он", 27-nji awgust) melodramasynyň premýerasy meýilleşdirilýär.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......