Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdi

  • 30.04.2021 10:57
  • 25k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Metjitde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Soňra agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerinde döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Türkmen Lideri sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy, kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly, bildirilen köpsanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi.
Soňra Özbegistanyň Lideri türkmen Lideriniň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi, döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Nahardan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir etdiler.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......