“PSŽ” Lionel Messä şertnama teklip etdi

  • 29.04.2021 09:55
  • 19k+

“Barselonanyň” kapitany we hüjümçisi Lionel Messi karýerasyny “PSŽ-de” dowam etdirip biler. Pariž kluby argentinaly oýunça ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk şertnama teklip etdi diýip, betonmobile.ru habar berýär.

“PSŽ” bu şertnamanyň maliýe nukdaýnazaryndan 33 ýaşly oýunçy üçin bähbitli boljakdygyna we oýunça hödürlemäge taýýar bolan maliýe şertlerini hiç bir klubuň, şol sanda “Barselonanyň” hödürlemäge güýjüniň ýetip bilmejekdigine ynanýar.
Messiniň özi geljek hakda heniz hiç kim bilen gürleşmek islemeýär. Ol Premýeranyň galan alty oýnuna ünsi jemleýär. “Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin “Atletiko”, Madridiň “Realy” we “Sewilýa” bilen bäsleşýär.
Şu möwsümde Lionel Messi “Barselonanyň” düzüminde 42 oýna gatnaşdy, olarda 33 goly we 14 netijeli geçirimi bilen tapawutlandy. Onuň “Barselona” bilen şertnamasy iýun aýynda tamamlanýar.
“Barselona” hem “PSŽ” bilen maddy taýdan bäsleşip bilmejekdigine düşünýär, ýöne ol Messä uzak möhletli şertnama hödürlemäge taýýardyr.

şu gün 14:50
1.7k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 11:43
1k+

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. ...

şu gün 10:04
2.8k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
6.2k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....