Türkmenistanda Aşgabadyň ösüşine goşant goşan şahsyýetler döwlet derejesinde sarpalanar

  • 28.04.2021 18:45
  • 16k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde geçiren iş maslahatynda Aşgabat şäherine ykbalyny baglan we şäheriň ösüşine mynasyp goşant goşan şahsyýetleri döwlet derejesinde sarpalamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gadymy şäherdigini, taryhyň dürli döwürlerinde paýtagtymyzyň ösüşine möhüm ähmiýet berlendigini belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, onda adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berilmelidir. Munuň özi şäheriň 140 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde wajypdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Paýtagtymyzyň owadan, abadan we arassa şäher hökmündäki belent abraýyny saklamak biziň borjumyzdyr. Häzirki döwürde bu meselelere örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......