Gurbanguly Berdimuhamedow «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy

  • 28.04.2021 18:36
  • 30k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän «Soňky jaň» dabaralarynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu barada döwlet Baştutany düýn geçirilen iş maslahatynyň barşynda belledi.

Maslahatyň barşynda wise-premýer M.Geldinyýazow «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
«Soňky jaň» dabaralary 140 ýyllygy bellenilýän ak şäherimiz Aşgabadyň nurana gündizlerini, älemgoşar öwüşginli agşamlaryny wasp edýän çärelere, ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ýatda galyjy taryhy wakalara baý bolmalydyr. Şäheriň 140 ýyllygy bilen utgaşykly bellenilýän dabaralar paýtagtymyzyň ähli künjegini gurşap almalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

şu gün 14:49
46

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
118

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......