Ilon Mask Aýda we Marsda bazalary gurmagy teklip etdi

  • 27.04.2021 15:38
  • 15k+

Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask Aýda ýaşaýyş bazasyny, soň bolsa Marsda şäher gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada iz.ru habar berýär.

“Biz uzak wagt bäri Aýda bolmadyk. Biz ol ýere dolanyp barmaly we Aýda hemişelik bazany gurmaly. Men hemişelik ýaşalýan baza barada gürrüň edýärin. Soň bolsa Marsda şäher gurmak gerek. Adamzat kosmiki görnüşe, diňe bir däl-de, birnäçe planetanyň ýaşaýjylaryna öwrüler” – diýip, “Independent” neşiri Maskyň sözlerini getirýär.

Şeýle-de, Mask ABŞ-nyň aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasynyň (NASA) 2024-nji ýylda Aýa gonmak meýilnamalarynyň durmuşa geçirilip bilinjekdigini belledi.
2019-njy ýylyň ýazynda NASA Aý maksatnamasy Artemis-iň (“Artemida”) taslamasyny anons etdi. Taslamany durmuşa geçirmegiň jemleýji tapgyrynda NASA 2024-nji ýylda astronawtlaryň Aýa gonmagyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Agentlik bu möhletiň süýşürilip bilinjekdigini hem belledi.
Ýatlap geçsek, SpaceX kompaniýasy Starship planetara köp gezeklik kosmos gämisiniň synaglaryny geçirýär. Ol Marsa we Aýa uçuşlar, şeýle-de 100 astronawt üçin niýetlenendir.

şu gün 11:01
728

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
1.5k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......