Bilbao Ýewro-2020-niň oýunlaryny geçirmek hukugyndan aýryldy

  • 26.04.2021 04:47
  • 5.7k+

UEFA 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň oýunlaryny Bilbaoda geçirmekden ýüz öwürdi. Degişli maglumat Ispaniýanyň şäher geňeşiniň resmi saýtynda peýda boldy diýip, vprognoze.ru habar berýär.

Bilbaoda Ispaniýanyň Şwesiýa, Polşa we Slowakiýa bilen oýnamaly üç toparlaýyn tapgyr oýny geçirilmelidi. Şeýle-de, ýaryşyň 1/8 finalynyň duşuşygy bolmalydy.
UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksander Çeferin öň Ýewropa çempionatynyň oýunlarynyň boş münberlerde geçmegine ýol bermejekdigini aýtdy. Bilbao soňky pursada çenli ýaryşyň oýunlaryny tomaşaçylaryň gatnaşmagynda gurnap biljekdigine kepillik bermedi.
Bilbaonyň Ýewropa çempionatynyň çärelerini guramak üçin 1,2 mln ýewrodan gowrak sarp edendigi we ýitginiň öweziniň dolunmagy üçin kazyýete ýüz tutmaga taýýarlanýandygy bellenilýär.
Häzirki wagtda Sankt-Peterburg, Amsterdam, Baku, Budapeşt, Buharest, Glazgo, Kopengagen, London we Rim ýaryşyň oýunlaryny tomaşaçylar bilen geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Ýewro ýaryşyna Mýunheniň we Dubliniň gatnaşmagy hem sorag astynda galýar. 

düýn 19:10
3.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....