Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi

  • 25.04.2021 18:30
  • 8k+

Şu gün – 25-nji aprelde ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu dabaralara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabaralar geçirilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriň, çeper suratlaryň, neşir önümleriniň we beýleki işleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň hut özüniň döreden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary täsirli boldy.
Soňra üç-dört ýaşar atlaryň arasynda at çapyşyklar geçirildi. Çekeleşikli geçen bu ýaryşlaryň birinji çapyşygynda Gutly atly bedew, ikinjide – Garabatyr, üçünjide – Tejen, dördünjide – Gyzlarym, bäşinjide – Kararym, altynjyda – Ülker, jemleýji, ýedinji çapyşykda bolsa Bezirgen atly bedewler baýrakly orunlary eýelediler. Bezirgen atly bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp bolup, onuň çapyksuwaryna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Akhan baýragyny, “Zemin” telewizoryny, 100 müň manady we göçme kubogyny gowşurdy. Beýleki ýeňijilere dürli baýraklar, “Tolkun” telewizorlary we 70 müň manat gowşuryldy.  Şeýle-de päsgelçiliklerden bökmek, ýagny konkur (ýeňiji bedewiň ady Altynhan) we uzak aralyga atly ýöriş (ýeňiji bedewiň ady Dorbedew) boýunça ýaryşlaryň ýeňijileri hem “Tolkun” telewizorlara we 70 müň manada mynasyp boldular. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan watandaşlarymyz Türkmenistanyň Prezidentine özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.
Soňra dabaralar Köpetdagyň ýene bir ajaýyp künjeginde dowam etdi. Şol ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň başynda Serdar Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy bilen söz sözledi. Soňra bolsa Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezleriniň, Ahal welaýatynda bolsa Karantin merkeziniň açylyş dabaralary teleköpri arkaly geçirildi. Şeýle hem bu döwrebap, innowasion enjamlar bilen ornaşdyrylan we sanly ulgam arkaly hereket edýän toplumda alabaý itlerimiziň çykyşlaryny synlamak mümkin boldy.
Dabaranyň jemleýji bölüminde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi. Bu şöhratly ada Akhan atly alabaý mynasyp boldy. Bu ajaýyp alabaýy terbiýelän itşynasa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baş baýragy, ýagny “Toýota” kysymly ýeňil awtoulagynyň açaryny, diplomy we göçme kubogyny gowşurdy.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......