Tbilisi Bütindünýä kitap paýtagty boldy

  • 25.04.2021 19:52
  • 3.8k+

Bu karar ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaý tarapyndan yglan edildi diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Gruziýanyň paýtagty bu ady bir ýyl göterer. Bu döwürde Tbiliside çagalar üçin kitap festiwaly, edebi eserleriň esasynda oýunlary döretmek boýunça taslama we Gruziýada ilkinji neşirýat öýüni dikeltmek meýilleşdirilýär.
Umumy alanyňda, 100-den gowrak dürli taslamalar göz öňünde tutulýar. Bütindünýä kitap paýtagty ady Tbilisä Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdan geçdi.
Belläp geçsek, ÝUNESKO bu ady 2001-nji ýyldan bäri berýär. Ol başga bir şähere 23-nji aprelde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününde geçirilýär. Ilkinji Bütindünýä kitap paýtagty Madrid boldy.

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......