Volkswagen ID.4 «Ýylyň bütindünýä awtomobili» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 25.04.2021 10:52
  • 5.5k+

ABŞ-da «Ýylyň bütindünýä awtomobili» adyna ses berişlik tamamlandy. Şeýlelikde, “2021-nji ýylyň bütindünýä awtomobili” Volkswagen ID.4 boldy diýip, fbm.ru habar berýär.

Bu awtomobil ahyrky ses berişlikde 798 bal gazanyp, Honda e (742 bal) we Toyota Yaris (732) ýaly finalçylardan öňe geçdi. Volkswagen ID.4 özüniň döwrebap dizaýny, giňişligi akylly ulanmagy we täsirli funksionallygy bilen emin agzalaryny haýran galdyrdy. Bu awtomobil markanyň ilkinji doly elektrikli krossoweridir. Honda e innowasiýa we emosional taýdan birneme öňde boldy. Toyota Yaris hem dünýä bazary üçin ähmiýetliligi boýunça nemes modelinden öňe geçdi.
Şol bir wagtyň özünde Honda e «Ýylyň şäher awtomobili» nominasiýasynda ýeňiji boldy, bu ýerde Toyota Yaris ikinji orny eýeledi. Liderleriň üçlügini Honda Jazz/Fit jemleýär.
Baýrakly awtomobiller ugrunda birinji orny Mercedes-Benz S-Class eýeledi, ikinji orunda Polestar 2 ýerleşdi, Land Rover Defender bolsa üçünji boldy. Britan modeli dizaýn nominasiýasynda birinji orna çykyp, «World Car Design of the Year 2021» diýen ada eýe boldy. Ikinji orun möwsümde has köp baýrakly orunlara eýe bolmak bilen, 2021-nji ýyldaky bäsleşigiň hem laureaty, hem iki gezek baýrakçysy bolan Honda e degişli boldy.
«World Performance Car 2021» adyny Porsche 911 Turbo aldy, ikinji orna Audi RS8, üçünji orna Toyota GR Yaris mynasyp boldy.

düýn 21:18
3.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

düýn 09:43
5.4k+

Toyota Corolla-nyň 60 ýyllygyna bagyşlap ýubileý nusgasyny çykardy

Toyota Ýaponiýada Corolla Sedan we Corolla Touring modelleriniň ýubileý wersiýalaryny tanyşdyrdy. Bu ýörite nusgalar modeliň 60 ýyllygyna gabatlanyp çykaryldy....

18.05.2026 06:21
5.3k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

17.05.2026 15:25
6.9k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....