Türkmen bedewine bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 24.04.2021 13:20
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Tolkun» telewizory we şahadatnama gowşuryldy. Ýeňijiler şulardan ybarat:

  • türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — «Behişdi bedew» atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa;
  • türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — «Garlawaç» at şaý-sep toplumy» atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa;
  • türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — «Türkmen toýy» atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýew;
  • türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainowa;
  • türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — «Türkmeniň uçar ganaty» atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýew;
  • türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanow.
düýn 23:23
698

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....