Sues kanalynyň petiklenmegi Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesiniň ähmiýetini açyp görkezdi

  • 24.04.2021 12:01
  • 27k+

Ýakynda Sues kanalynyň petiklenmegi Merkezi Aziýa geçelgesiniň, ýagny Türkmenistan - Özbegistan - Gyrgyzystan/Gazagystan arkaly ulag geçelgesiniň näderejede wajypdygyny görkezdi. Bu barada belgiýanyň Modern Diplomacy neşiri ýazýar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» belleýär.

Mälim bolşy ýaly, emeli usulda döredilen Sues kanaly dünýädäki deňiz ýük dolanyşygynyň 7 %-ni üpjün edip, dünýäniň iň işjeň deňiz söwda ýollarynyň biri bolmagynda galýar.
Sues kanalynyň ýapylmagynyň ykdysady zyýanynyň ululygy alternatiw gury ýer ýa-da deňiz ulag ýollaryny ösdürmek meselesini öňe çykardy hem-de ählumumy ulag gurluşynyň gowşakdygyny subut etdi. Ylaýta-da, bu wakadan soň Russiýa Sues kanalynyň üsti bilen Demirgazyk Deňiz ýoluny, Eýran bolsa "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesini öňe sürdi.
"Modern Diplomacy" neşiri ruslaryň we eýranlylaryň teklipleriniň oňaýly we zyýanly taraplaryny belläp, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda harytlary Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýa-da "Orta Geçelge" (Middle Corridor) arkaly daşamagyň möhümdigini nygtaýar.
"Orta Geçelge" Türkiýeden gaýdyp, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň çäginden geçýär, Hazar deňzini kesip geçýär, Merkezi Aziýa baryp, Türkmenistan - Özbegistan - Gyrgyzystan/Gazagystan arkaly Hytaýa çenli uzalyp gidýär diýlip neşirde aýdylýar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Merkezi Aziýanyň üsti bilen geçýän geçelge adaty ulag ugurlaryna seredeniňde, käbir artykmaçlyklara eýe. Ol TransSibir demir ýoly bilen deňeşdirilende, 2000 km gysga we has amatly howa şertleri bolan sebitlerden geçýär. Adaty deňiz ýoly bilen deňeşdirilende, bu ýol arkaly ýükleri Hytaýdan Ýewropa üç esse çalt, ýagny 15 günüň içinde eltip biler.
Mundan başga-da, “Orta Geçelge ” başlangyjyny Owganystan bilen Täjigistan hem goldaýar. “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň üsti bilen bu ýurtlar “Orta Geçelge” bilen aragatnaşyk saklap, harytlaryny Aziýanyň ähli ugurlaryna, şeýle hem Ýewropa daşap bilerler.
Ýatlap geçsek, "Lapis Lazuli" geçelgesini döretmek baradaky şertnama 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistan, Gruziýa, Owganystan, Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan gol çekilipdi.

düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......