Türkmenistanda harby gulluga çagyryş möwsüminiň guramaçylygy barada

  • 23.04.2021 13:06
  • 32k+

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir» diýlip nygtalýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martyndaky Permanyna laýyklykda, çagyryşa degişli raýatlary bellenen möhletde harby gulluga ugratmak we gulluk borjuny berjaý edip gelenleri harby hasaba almagyň ýazky möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Harby wekillikler bu babatda gaýragoýulmasyz işleri, çäreleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Harby gulluga ugradyljak ýigitler bilen etrap-şäherlerde wagyz-nesihat duşuşyklaryny, düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Raýatlary harby gulluga çagyrmagyň tertibi bilen tanyş bolsagam, çagyryş möwsüminiň guramaçylygynyň nähili çylşyrymly bolýandygy hakda az maglumata eýediris. Ylymly-bilimli, dürli hünärlerden baş çykaryp bilýän esgerleriň maglumatlaryny doly öwrenip, olary hünärlerine degişli bolan harby bölümlere ýerlikli paýlamak harby wekillikleriň iň bir esasy meseleleriniň biridir. Bu işiň takyk ýerine ýetirilmegi gönüden-göni Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyna täsir edýär. TmCars ýurdumyzda harby gulluga çagyryş möwsüminiň guramaçylygy barada taýýarlan materialyny dykgatyňyza ýetirýär.

Şu ýerde geçen ýylyň ýaz möwsüminde harby wekilliklerde birnäçe täzeçillikleriň girizilendigini ýatlatmak isleýäris.

Möwsümde girizilen üýtgeşmeleriň esasysy — ýaş esgerleriň harby wekillikden goşuna göni harby lybasly gaýtmagydyr. Bu täzeçillik ýaş esgerleriň goşun durmuşyna uýgunlaşmagyny has-da çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Munuň üçin harby wekillikleriň ýygnanyşyk nokatlarynda egin-eşik ammarlary enjamlaşdyryldy we her bir esgeriň täze, ýokary hilli we ölçegi boýunça gabat gelýän harby lybas bilen üpjün edilmegi doly gazanyldy.

Ýene bir täzeçillik — harby wekillikler harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň ene-atalary bilen deslapky gürrüňdeşlikleri geçirmäge başladylar. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşun görnüşlerinde harby gullugy geçmek bilen bagly islendik sowallara harby wekillikleriň harby gullukçylary tarapyndan takyk we dürs jogaplar berilýär. Harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň hossarlaryna söhbetdeşligiň dowamynda perzentleriniň häsiýetini, ukyplaryny kesgitleýän sowalnamalary doldurmaga mümkinçilik döredildi. Bularyň kömegi bilen alnan maglumatlar esgerleriň goşuna oýlanyşykly paýlanmagyna ýardam edýär.
Harby gulluga çagyryş tertibi sanly ulgamlaryň kömegi bilen hem kämilleşdirilýär. Harby wekillikler harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň we harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň maglumatlaryny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik berýän programma üpjünçiliginden peýdalanýarlar. Programma üpjünçiligi bilen toplanan maglumatlara esaslanyp, harby gulluga çagyrmagyň we harby gullukdan ätiýaja boşatmagyň meýilnamalary taýýarlanylýar we milli goşunymyzyň söweşjeň ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, beýleki guramaçylyk kararlary kabul edilýär.
Harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň atma-at sanawy taýýar bolanda, harby wekillikler 18 ýaşy dolan, çagyryş möhletini yza süýşürmäge hukugy bolmadyk, şeýle-de jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezýän, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlary ilkinjileň hatarynda deslapky lukmançylyk barlagyna we söhbetdeşlige çagyrýarlar. Şol pursatdan başlap, harby gulluga çagyryş tertibi başlanýar.
Esgerleri harby bölümlere paýlamak boýunça işler geçirilende, raýatlaryň islegleri we häsiýetleri örän içgin öwrenilýär. Ýolbaşçylyk ukyplaryna eýe bolan we ýokary ýa-da ýörite orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary seržantlaryň taýýarlanylýan harby bölümlerine iberilýärler. Alty aýyň içinde olar dolandyryş başarnyklaryny özleşdirýärler. Ol ýerde «kiçi seržant» harby adyny alan esgerler dürli harby bölümlere paýlanylýar we şol ýerlerde kiçi serkerdeler hökmünde gullugyny dowam edýärler.

Harby gulluk nirede we nähili geçse-de, ol hemişe merdanalygyň, edermenligiň mekdebi bolmagynda galýar. Ol berk çydamlylygy, islendik wagtda islendik kynçylyklara taýynlygy, beden we ruhy taýdan özüňi kämilleşdirmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, harby gullukçylarymyz üçin iň oňat ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilendigini bellemek ýakymly.

şu gün 18:29
365

BTS-iň "Arirang" albomy Spotify-da 24 sagadyň dowamynda 110 million gezek diňlenildi

Günorta Koreýanyň BTS toparynyň "Arirang" albomy Spotify-da ilkinji 24 sagadyň dowamynda takmynan 110 million gezek diňlenildi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu çykyş 2026-njy ýylyň iň üstünlikli ilkinji striming albomy boldy we Garri Staýlsyň 63 million gezek diňlenilen "Kiss All the Time...

şu gün 16:57
687

Kompaniýalar emeli aň modellerine duýgy bermek üçin aktýorlary işe alýarlar

Emeli aň ulgamynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalar okuw maglumatlaryny döretmek üçin teatr we improwizasiýa aktýorlaryny işe çekip başladylar. Bu materiallar adamyň duýgularyny tanap bilýän we olary ýerine ýetirip bilýän modelleri kämilleşdirmek üçin ulanylýar...

şu gün 16:51
1.6k+

Dueýn Jonsonly "Moananyň" film görnüşiniň treýleri çykdy

Disney kompaniýasy “Moana” multfilminiň kino görnüşdäki remeýkiniň resmi treýlerini çykardy. Filmiň halkara derejesinde ilkinji görkezilişini 10-njy iýulda geçirmek meýilleşdirilýär. Baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän Ketrin Lagaýa ýerine ýetirýär...

şu gün 14:46
910

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty tebigatchy.co.tm salgysy boýunça işläp başlady. Bu platformanyň işe girizilmegi guramanyň ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir...