Ýelizaweta II-niň mirasdüşerleri britan monarhiýasynyň ykbalyny kesgitlärler

  • 22.04.2021 22:35
  • 19k+

Ýelizaweta II-niň mirasdüşerleri bolan şazada Çarlz bilen şazada William gepleşik geçirer. Olar britan monarhiýasynyň ykbaly barada pikir alyşmak isleýärler diýip, “Daily Mail” gazetine salgylanmak bilen www.osnmedia.ru habar berýär.

Çarlz bilen William olaryň haýsysynyň şazadalar Filippiň, Garriniň we Endrýunyň wezipesini boýun aljakdygyny kesgitlär. Olar her ýyl köp dürli çärelere gatnaşýardylar. Indi muny şa maşgalasynyň beýleki agzalary, ilkinji nobatda Ýelizaweta II-niň körpe ogly şazada Edward bilen onuň aýaly ýerine ýetirmeli bolar. Göz öňünde tutulýan ýene bir mümkinçilik – şa maşgalasynyň howandarlygyndan peýdalanýan guramalaryň sanyny azaltmak.
Şazada Çarlz şa maşgalasynyň uly agzalarynyň sanyny çäklendirmegiň tarapdary. Heniz şazada Filippiň ölmezinden öň, oňa diňe Ýelizaweta II-ni, onuň adamsyny, özüni, aýaly Kamillany we ogullary William bilen Garrini aýallary bilen degişli etmegi teklip etdi. Şeýle ýagdaýda şa aýalynyň beýleki çagalary we agtyklary wezipelerinden boşadylar.
Şazada Çarlz – şa aýalynyň ondan soň britan tagtyny miras aljak uly ogly. Ondan başga-da, Ýelizaweta II-niň üç çagasy bar: şagyzy Anna, şazada Edward we şazada Endrýu. Britan tagty üçin ikinji orny Çarlzyň ogly şazada William eýeleýär, onuň kiçi dogany şazada Garri 2020-nji ýylda şa maşgalasynyň uly agzasynyň wezipelerini goýup, ABŞ-a göçdi.

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......