ÝUNESKO Eýrandaky «Kerwensaraýlaryň şäherini» Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýär

  • 22.04.2021 14:28
  • 8.8k+

Semnan welaýatynyň medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk edarasynyň ýolbaşçysy Hamidreza Dust-Mohammadi ÝUNESKO-nyň komitetiniň Semnandaky «Kerwensaraýlaryň şäherini» Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi göz öňünde tutjakdygyny habar berdi. Bu barada eýran habarlar agentligine salgylanyp, Day.Az belleýär.

«Meýameý şäheri «kerwensaraýlaryň şäheri» hökmünde tanalýar. Onda taryhy gymmatlyga eýe bolan 10 sany kerwensaraý bar, zerur şertler bolan ýagdaýynda bu kerwensaraýlar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Bütindünýä mirasynyň (ÝUNESKO) sanawyna giriziler» – diýip, Dust-Mohammadi aýtdy.
«Meýameý kerwensaraýy, Spanja (Jahanabad), üç kerwensaraýy öz içine alýan Miandaşt kerwensaraý toplumy, Abbasabad kerwensaraýy, Alhak, Sadrabad, Mohammadabad Abrişam we Şarifabad bu şäheriň taryhy ähmiýetini görkezýär» – diýip, ol belledi.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......