Daşary ýurtlaryň atçylyk hojalyklarynyň eýelerine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen at dakyldy

  • 22.04.2021 13:13
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, şu aşakdaky daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy:
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa,
Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......