Baýamaga päsgel berýän endikler hakynda

  • 20.04.2021 11:45
  • 48k+

Adamlaryň aglabasy baýamak isleýär. Ýöne bu her kime başardyp barmaýar. Şonuň üçin hem psiholog Dmitriý Sinarew haýsy endikleriň baýamaga päsgel berýändigini aýtdy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, hemme zat adamyň ýaşaýyş durmuşyna bagly. Hemişe nägile adamlaryň iki görnüşi bolýar: «durmuşy boýunça garyp» we «ukybyny açyp bilmedik zehinler».
Birinji görnüşdäkiler - bolçulykda ýaşaýan, ýöne özüni garyp duýýan adamlar. Puluň mukdary bilen munuň hiç hili baglanyşygy ýok. Olar özlerinde bar bolan zatlarynyň gadyryny bilmeýärler, özlerine pes baha berýärler, sebäbi hemişe beýleki adamlara seredip, olaryň has gowy ýaşaýandyklaryna ynanýarlar. Psiholog eliňde bar bolan zatlaryň gadyryny bilmelidigini we öz üstünlikleriňi başgalaryňky bilen deňeşdirmeli däldigini belledi. Has gowusy, özüňi öňki bolşuň bilen deňeşdirmeli diýip, hünärmen maslahat berdi.
Adamlaryň ikinji görnüşi - «ukybyny açyp bilmedik zehinler». Olar öz başarnyklaryny ýüze çykarmakdan gorkýan ýa-da oňa ýaltanýan, ýöne başgalary tankytlaýan söhbetdeşlige goşulmaga hemişe şat adamlar. Olar öz-özüni kämilleşdirmek we öz durmuşyny gowulamak üçin hiç zat etmän, telewizoryň ýa-da kompýuteriň öňünde wagt geçirenlerini has gowy görýärler.
Psihologyň aýdyşy ýaly, pul adamyň ömri üçin sarp edýän energiýasynyň maddy görnüşi ýalydyr. Şol sebäpli-de hemme zat üçin, şol sanda maddy üpjünçilik üçin wagtyňy we güýjüňi sarp etmelidigine düşünmek gerek.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....