Gün şöhlesini 98,1% yzyna serpikdirmäge ukyply ak reňk döredildi

  • 20.04.2021 11:25
  • 10k+

ABŞ-nyň Perdýu uniwersitetiniň hünärmenleri ak boýagyň täze formulasyny taýýarladylar. Şeýle formula boýunça döredilen boýag şöhläniň 98,1 %-ni yzyna serpikdirip bilýär, onuň ulanylmagy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek edip biler. Bu barada fbm.ru habar berýär.

Bu önümiň tehnologiýasy Gün şöhleleriniň göni täsiri astynda-da boýagyň sowuk bolup galmagyna mümkinçilik berýär. Hünärmenler onuň bilen binalary boýap boljakdygyny, netijede olaryň ýylylyk geçirmejekdigini belleýärler. Bu hem öz gezeginde daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kondisionerleriň ulanylmagyndan gaça durmaga mümkinçilik berýär.
Mehaniki inženerleriň aýtmagyna görä, eger üçegiň 92,9 inedördül metrini täze düzümli boýag bilen reňkleseň, onda on kilowatt sowadyş ukybyny gazanyp bolar.
Geçen ýyl uniwersitetiň işgärleri 95,5% şöhläni serpikdirýän boýagy döredip, rekord goýupdylar. Şu gün bolsa alymlar rekordy täzelemegi başardylar. Boýagyň ozalky görnüşi kaliý karbonatynyň bölejiklerini ulanmak bilen döredildi. Alymlar şöhle serpikdiriji täze materiallary gözlemek bilen bariý sulfatyna üns berdiler. 
Dowamly tejribeleriň esasynda hünärmenler bariý sulfatynyň bölejikleriniň dürli ululykda bolmalydygyny anykladylar. Bu boýagyň has köp mukdarda şöhläni dargatmagyna ýardam berýär.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....