Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Daşkentde 7 medal gazandylar

  • 19.04.2021 12:49
  • 16k+

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler 12 ― 17-nji aprel aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda medallaryň 7-sini gazandylar.

Ýaryşda biziň ildeşlerimizden Merdan Ataýew 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça altyn, edil şeýle görnüşde 100 we 50 metr aralyga ýüzmekde bolsa kümüş medallaryň ikisini gazandy.
Heniz 14 ýaşyndaka (2016-njy ýylda) Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan başga bir ildeşimiz Darýa Semýonowa hem medallaryň ikisine mynasyp boldy. Has takygy, 200 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazanan ildeşimiz brass boýunça 100 metr aralyga geçirilen ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy.
Üçünji bir ildeşimiz Musa Jalaýew hem iki medal gazandy. Olaryň ikisi hem bürünç medaldyr.
Bu çempionata türgenleriň 161-si gatnaşyp, olaryň 21-si Türkmenistandan, Owganystandan we Hindistandan gelen suwda ýüzüjilerdir. 
Özbegistanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionaty türgenlere diňe bir Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna däl, eýsem, Birleşen Arap Emirliklerinde we Ýaponiýada suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek çempionatlara gatnaşmak üçin hem derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik boldy.

düýn 21:05
3.2k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

düýn 17:37
3.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
3.7k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.1k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......