Türkmenistanda adalat edaralary hukuk hyzmatlaryny onlaýn görnüşde hödürläp başladylar

  • 18.04.2021 19:17
  • 18k+

Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, ýurdumyzyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda tabşyryklary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýty açyldy. Bu saýtda Gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen onlaýn görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligi döredilendir.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda döredilen bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna onlaýn görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin onlaýn sargytlary edip bilerler.    
Mundan başga-da, Gulluk tarapyndan Gulluk bilen onuň ýerli edaralary hem-de beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa tor aragatnaşygy emele getirildi. Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralary bilen Gullugyň arasynda sanly tor aragatnaşygynyň döredilmegi bilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin zerur bolan maglumatlary beýleki döwlet dolandyryş edaralaryndan elektron görnüşde sorap almak işi üstünlikli ýola goýuldy.
Şeýle-de, durmuşa geçirilýän bu işleriň çäginde, Gullugyň Aşgabat şäher müdirligine we onuň ýerli edaralaryna gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin gelýän şahslaryň ýokary rahatlygyny üpjün etmek maksady bilen, elektron petekli intellektual turniket nobat ulgamy ulanyşa girizildi. 
Bu sanly mümkinçilikleriň döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna hukuk kömegini almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam eder.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......