Türkmenistanda at çapyşyklarynda goýumly oýunlary guramak boýunça paýdarlar jemgyýeti döredildi

  • 18.04.2021 05:20
  • 11k+

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Türkmen atlary» döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky «Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik» döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwrer.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen kabul edildi.

şu gün 14:49
506

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
437

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......