Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş merkezi gurlar

  • 17.04.2021 11:43
  • 6.6k+

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak meýilleşdirilýär. Degişli Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak maksady bilen, bu ugurda uly tejribesi bolan ýerli kärhanalaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň maý aýynda başlanyp, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
116

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......